Watan goragçylary — asudalygyň synmaz sütünleri

31 Maý 2024
211

Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, häzirki zaman ýaraglarydyr harby tehnikasy bilen üpjün etmegiň hasabyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek harby ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksadydyr. Şundan ugur alnyp, 29-njy maýda ýurdumyzyň günbatar sebitinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen, bilelikdäki harby okuw meýdan türgenleşikleri geçirildi.

Watan goragçylarynyň hünär ussatlygyny, söweşjeň taýýarlygyny artdyrmak, olaryň gury ýerde, howa giňişliginde, deňizde harby sungatyň täze öňdebaryjy usullaryny, söweşi alyp barmagyň tärlerini ulanmak arkaly, sazlaşykly hereketleri ýerine ýetirmegi başarmaklaryny gazanmak bu gezekki türgenleşikleriň esasy maksadydyr. Toparlaryň öňünde duşman toparlaryny ýok etmek, howa hüjümlerini gaýtarmak we beýlekiler ýaly söweşjeň türgenleşik wezipeleri goýuldy. Şunda sanly ulgamyň işjeň ulanylmagynyň türgenleşikleriň tapawutly aýratynlygydygyny bellemek gerek. Bu babatda häzirki zaman sanly nawigasiýa ulgamy bilen üpjün edilen uçarmansyz uçuş enjamlaryna, sanly ulgamyň binýadynda hereket edýän garşydaşy ýüze çykarmagyň radiolokasion serişdelerine hem-de iň täze ýaraglaryň beýleki görnüşlerine aýratyn orun degişlidir. Harby deňizçiler okuw türgenleşiklerine gatnaşyp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň beýleki goşunlary bilen bilelikde sazlaşykly hereket etdiler hem-de döwletimiziň deňiz serhetleriniň, tutuş ýurdumyzyň çäkleriniň howpsuzlygyny, bitewüligini üpjün etmekde döwrebap tehnikalara başarnykly erk etmek ukyplaryny görkezdiler.

«Nesil».
Beýleki habarlar