Durmuş sapaklaryna baý ertekiler

31 Maý 2024
477

Tomus pasly çagalaryň söýgüli pasyllarynyň biridir. Çünki mekdep okuwçylary bu pasylda okuw ýylyny tamamlap, dynç alyş möwsümine çykýarlar. Bu döwürde boş wagtlaryny sapaly hem peýdaly geçirmekleri üçin çagalar gyzykly kitaplary okap bilerler. Çünki ýaşajyk okyjylar üçin niýetlenen eserler olaryň dünýägaraýşynyň giňemegine, biliminiň artmagyna ýardam edýär.

Megerem, araňyzda «Akpamyk» atly türkmen halk ertekisini okamadygyňyz ýokdur. Hawa, şol ýedi doganyny gözläp, ýeke özi ýola çykan gaýduwsyz, gorkmazak gyzjagaz. Aslynda, onuň ýeke özi-de däl, gyzyň ýanynda pişijegi bilen oňa ýol görkezýän kökejigi bar. Şol kökejigiň yzyna düşüp, Akpamyk ýedi doganynyň bolýan ýerine — dagyň gowagyna barýar. Durmuşda şeýle kökejik bolmasa-da, dogry ýol salgy berýän ynsanlar hemişe ýanymyzda bar. Emma pişijegi şol kökejigiň gyrasyny gädýär. Gädilen kökejik bolsa soňra tigirlenip bilmeýär. Muňa garamazdan, Akpamyk çykalga tapyp, palçyk bilen kökejigiň gädik ýerini suwaýar. Durmuşda hem şeýle kyn ýagdaýa düşeniňde, oýlanyp hereket etmegiň, dogry netije çykarmagyň maksat-myradyňyza ýetirjegi ikuçsuzdyr.

Şeker ABDYRAHYMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Beýleki habarlar