Ruhy gymmatlyga tagzym

29 Maý 2024
252

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesi, şan-şöhraty barha artýar. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgä eýerilip, ýurdumyzda durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar sazlaşykly ösdürilýär, ykdysadyýetde, medeniýetde ajaýyp üstünlikler gazanylýar. Täze taryhy döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň milletimiziň maddy we ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamak we Ýer ýüzüne tanatmak, wagyz etmek baradaky başlangyçlary has-da rowaçlanýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli golaýda Aşgabatda geçirilen döwlet derejesindäki dabaralar munuň aýdyň beýanydyr.

Maral HOJAKGAÝEWA,
Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 165-nji Çagalar bakja-bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar