Gymmatly ruhy hazyna

29 Maý 2024
305

Ýaş nesliň terbiýesinde kitabyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny ata-babalarymyz jaýdar belläp geçipdirler. Kitap kalbyňa giňlik hem-de egsilmejek paýhas nuruny eçilýän gymmatlykdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda kitabyň ähmiýeti hakynda täsirli hem-de gymmatly maglumatlar berilýär. Taryhda beýik döwletleri döreden halkymyz kitaba, onuň gudratly güýjüne çäksiz sarpa goýup gelipdir. Muňa şöhratly taryhyň mekany Merwde gurlan kitaphanalar aýdyň şaýatlyk edýär. Milli Liderimiz ajaýyp eserinde gadymy Merwiň birnäçe kitaphanalarynyň bolandygyny belleýär. Kitaphanalar ylym-bilim ojagy, paýhaslar öýi hökmünde halk arasynda giňden meşhurdyr. Kitaphanalaryň çäginde medreseleriň hem ýerleşendigi taryhy çeşmelerde beýan edilýär. Diýmek, kitap ylym-bilim bilen aýrylmaz bagly bolupdyr.

Berdigylyç ANNAGYLYJOW,
TOHI-niň mugallymy.
Beýleki habarlar