Möhüm möwsümiň bosagasynda

29 Maý 2024
290

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy bilen bir hatarda, olaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri, göwnejaý dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Sapaly tomusda şypaly mesgenlerde wagtlaryny şadyýan geçirjek bagtyýar çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine ýurdumyzyň ähli künjegindäki sagaldyş-dynç alyş merkezleri doly taýýar edildi. Hormatly Prezidentimiziň çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatymyzyň çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerini möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler geçirildi.

Tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň barşynda welaýatymyzdaky «Bagtyýar nesil» çagalar dynç alyş merkezinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daşoguz» sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýaş nesilleriň göwnejaý dynç almagy üçin amatly şertler döredildi. Möwsümiň dowamynda «Bagtyýar nesil» dynç alyş merkezinde 3 tapgyrda, her tapgyrda 300 çaganyň 20 gün dynç almagy meýilleşdirilýär. Dynç alyş möwsüminde merkezde jemi 900 çaga wagtlaryny şadyýan geçirer. Şeýle hem möwsümiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daşoguz» sagaldyş we dynç alyş merkezinde 5 tapgyrda, her tapgyrda 100 çaganyň 10 gün dynç almagy göz öňünde tutuldy. Möwsümiň dowamynda bu ýerde jemi 500 çaga göwnejaý dynç alyp biler. Bulardan başga-da, welaýatymyzyň bagtyýar nesilleriniň müňlerçesi «Gökderedäki» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde sapaly tomsy şadyýan geçirerler.

Güýçgeldi GAÝYPOW,
welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar