Giň dünýäniň geň habarlary

29 Maý 2024
226

Zyýansyzlandyryjy material

Köp adamly jemgyýetçilik ýerlerinde ýokanç keselleriň ýaýramak mümkinçiliginiň ýokarydygy hemmä mälim bolsa gerek. Bu meseläniň çözgüdi häzirki zaman ylmynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Melburn tehnologiýa institutynyň alymlary jemgyýetçilik binalarynyň gurluşygynda, enjamlarynda nanotehnologiýalar esasynda döredilen materiallardan peýdalanmak hakyndaky pikiri öňe sürýärler. Olaryň irginsiz ylmy-gözlegleriniň netijesinde, tutuşlygyna nano ölçegli tikenler bilen örtülen, esasynda kremniý bolan täze material döredildi. Onuň esasy aýratynlygy, galtaşan ýokanç keselleri dörediji wiruslary 96 göterim zyýansyzlandyrýandygyndadyr.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar