Belent üstünlikleriň şuglasy

28 Maý 2024
566

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Şeýle ösüşli zamanamyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär, bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Çünki beýik ösüşlerimiz, röwşen geljegimiz ýaşlar bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, halkymyzyň baý durmuş tejribesine daýanyp, ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni aň-bilim, beden taýdan ösüşine, döwrebap bilim-terbiýesine hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertleri döretmäge, sagdyn durmuş kadalaryny kemala getirmäge uly ähmiýet berilýär.

Häzirki wagtda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri mähriban halkymyza we Garaşsyz döwletimize bolan egsilmez söýgä ýugrulandyr. Bu taglymat aýratyn hem ýaşlary iň asylly häsiýetli — arassa ahlakly, ruhubelent, ylym-bilim öwrenmäge we bilesigeliji bolmaga çagyrýar. Ylym-bilim adamzadyň ähli ösüşleriniň hem-de özgertmeleriniň esasyny düzýän, islendik ýurduň geljegini, halkyň ykbalyny kesgitleýän gymmatlykdyr. Şonuň üçin hem Garaşsyz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek, bagtyýar durmuşymyz hem-de beýik geljegimiz üçin ylymly-bilimli, ýokary hünärli nesilleri terbiýelemek, ýaşlarymyzy mynasyp adamlar edip ýetişdirmek ugrunda yzygiderli alada edilýär.

Ogulşeker GAÝYPOWA,
Aşgabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar