Hemişelik Bitaraplyk – asudalygyň girewi

12 Maý 2021
860

Türkmenistanyň halkara giňişliginde ädýän her bir ädimi, onuň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň wajyp ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinde giň goldawa mynasyp bolýar. Bitaraplyk — bu özara ynanyşmagyň guralydyr. Munuň özi ylalaşdyryjy hökmünde çykyş etmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy mazmuny boýunça halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýermek bilen, jedelleri parahatçylykly ýollar arkaly çözmek, döwletara hyzmatdaşlyk, deňhukuklylyk, çäk bitewülik we adam hukuklaryna hormat goýmak ýaly ýörelgelerine esaslanýar.

Türkmenistan döwletiniň ylalaşdyryjy merkez hökmündäki orny ählumumy ykrarnama we ynama eýe bolýar. Biziň döwletimiz parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde Birleşen Milletler Guramasyna işjeň ýardam berýär. Ýurdumyzyň netijeli öňüni alyş çäreleri bolsa bähbitleriň ýakynlaşmagyny, Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda özara düşünişmek ýagdaýynyň berkidilmegini üpjün edýär. Türkmenistanyň goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna hemmetaraplaýyn ýardam we goldaw bermek babatda edýän tagallalary nusga alarlykdyr. Ýurdumyz ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy saklamaga, ähli halklaryň ykdysady we durmuş taýdan ösmegini üpjün etmäge hemmetaraplaýyn ýardam berýär.

Aýna NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Jezalary ýerine ýetirmek müdirliginiň 2-nji bölüminiň uly gözegçisi, içerki gullugyň maýory.