Öňdebaryjylary höweslendirmek bilen

24 Maý 2024
267

Guramamyzyň agzalaryny ýokary netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrmak maksady bilen ýylyň dowamynda höweslendiriş çärelerini geçirip durýarys. Ine, golaýda ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsümi üstünlikli tamamlandy. Etrabymyzyň ýüpekçileri ýurdumyzyň dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolup durýan piläniň 11 tonnasyny öndürip, ýyllyk meýilnamany üstünlikli berjaý etdiler. Üstünlige «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň ussat ýüpekçileri saldamly goşant goşdular. Kurbanbaý Bekiýew, Adylbek Uzakbaýew, Gülhatyja Kurbanowa, Oguljennet Karýagdyýewa, Gurbanjemal Çaryýewa ýaly ýüpekçiler bolsa has ýokary görkezijileriň eýeleri boldular. Olara guramamyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurdyk.

Şeýle netijeli çäreleri ýetip gelýän galla oragynda hem ýaýbaňlandyrarys. Etrabymyzyň tejribeli gallaçylary 2300 gektar meýdanda bugdaýyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Olar şonça meýdandan 5200 tonna guşgursak galla ýygnamagy maksat edinýärler. Biz gallaçy kärendeçileriň, kombaýnçylaryň we sürüjileriň arasynda zähmet bäsleşigini yglan edip, onuň ýeňijilerini sylaglarys. Geçen ýyllaryň iş tejribesi şeýle çemeleşmäniň oňyn netijeleri berýändigini görkezdi.

Aýnur KURBANÝAZOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Darganata etrap birleşmesiniň baş hasapçysy.
Beýleki habarlar