2023-nji ýylda Russiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygy 44 milliard dollardan geçdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuzin mälim etdi.
– Russiýa geçen ýyl Merkezi Aziýanyň esasy söwda we ykdysady hyzmatdaşy bolup, sebit ýurtlary bilen daşary söwdanyň möçberi 33 göterime deň boldy – diýip, M.Galuzin Ufa şäherinde guralan «Waldai» Halkara diskussiýa klubunyň 4-nji Merkezi Aziýa konferensiýasynyň açylyş dabarasynda wideo baglanyşygy arkaly eden çykyşynda aýtdy.