ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp ähli möhüm ştatlarda geçirilen pikir soralyşyklarda häzirki Prezident Jozef Baýdenden ynamly öňde barýar. Bu barada «The New York Times» gazeti habar berdi.
Gazet beýleki neşirler bilen birlikde Pensilwaniýa, Arizona, Jorjiýa, Miçigan, Newada we Wiskonsin ştatlarynda sosiologik barlag geçirdi. Bu ştatlar «ikirjiňlenýän» ştatlar hasaplanýar, çünki saýlawlarda olaryň goldawy demokratlardan respublikanlara geçip, saýlawlaryň umumy netijelerine täsir edip biler.