Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylary 9-njy awgustda Gazagystanyň paýtagtynda duşuşarlar. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Astanadaky sebit ýurtlarynyň Howpsuzlyk Geňeşleriniň sekretarlary bilen duşuşygynda aýtdy diýip, döwlet Baştutanynyň metbugat gullugy habar berdi.
Prezidentiň sözlerine görä, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen «Merkezi Aziýa – 2040» strategiýasy işlenip düzüldi.