Şu ýylyň güýzünden başlap, Şwesiýadaky birnäçe kärhanalar alty aý möhlet bilen zähmet hakyny üýtgetmän, dört günlük iş hepdesine ýa-da gysgaldylan iş gününe geçmekçi. Bu teklip täjirçilik maksatly bolmadyk «4 Day Week Global» guramasynyň wekili Anna-Karin Alderin tarapyndan öňe sürüldi.
– Meniň pikirimçe, zähmet biziň özümizi gowy duýmagymyz we gowy işlemegimiz üçin az wagty öz içine almalymyka diýýärin. Häzirki wagtda nähoşlaryň sanynyň artmagy köplenç ukusyzlyk we stres bilen baglanyşykly – diýip, Anna-Karin Alderin belledi.