Ýel turbinasy par­ky işe girizildi

24 Maý 2024
400

Finl­ýan­di­ýa­nyň «For­tum» we «He­len» ener­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry ýur­duň gün­ba­ta­ryn­da iň uly ýel ge­ne­ra­tor­la­ry­nyň park­la­ry­nyň bi­ri­ni işe gi­riz­di­ler. Bu park 56 sa­ny ýel tur­bi­na­syn­dan yba­rat bo­lup, ýyl­da 1 TWt/sa­gat­dan gow­rak ener­gi­ýa ön­dür­mä­ge ukyp­ly­dyr. Bu ýurt­da­ky ýel ener­gi­ýa­sy­nyň umu­my önüm­çi­li­gi­niň 5 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­tir­ýär.

«For­tum» ýel elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň 60 gö­te­ri­mi­ne, «He­len» bol­sa, 40 gö­te­ri­mi­ne eýe­çi­lik ed­ýär. Soň­ku­sy elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň hyz­mat ediş möh­le­ti­niň do­wa­myn­da ön­dü­ril­ýän ener­gi­ýa­nyň, tak­my­nan, 50 gö­te­ri­mi­ni sa­tyn al­mak is­le­ýär. Äpet ýel tur­bi­na­la­ry­ny da­şa­mak iş­le­ri uly göw­rüm­li ýük­le­re ni­ýet­le­nen Kas­ki­nen por­ty ar­ka­ly ama­la aşy­ry­lyp, ýel tur­bi­na­la­ry­ny gur­nal­ýan ýe­ri­ne elt­mek üçin 728 gat­naw ge­rek bol­dy.

Beýleki habarlar