Fransiýa 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryndan 6,7 – 11,1 milliard ýewro möçberde sap ykdysady peýda gazanmagy maksat edinýär. Bu barada Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) resmi saýtynda habar berilýär. Sport hukugy we ykdysadyýeti merkez tarapyndan geçirilen barlaglara laýyklykda, oýunlar ýurda 2,3 – 3,1 million adamy çekip, olaryň 64 göterimi fransiýalylar bolar. Myhmanlaryň çykdajylarynyň 2,6 milliard ýewro deň bolmagyna garaşylýar.
7 milliard ýewronyň media-hukuklaryň satuwyndan, hemaýatkärlikden, peteklerden we uzak möhletleýin infrastruktura taslamalaryndan, şeýle-de Halkara Olimpiýa Komitetinden gelmegine garaşylýar. Döwlet, esasan hem, ýerli jemgyýetler üçin taslamalara 3 milliard ýewro maýa goýmakçy.