Halkyň medeniýeti asyrlaryň dowamynda kemala gelýär hem-de onuň durmuşynyň ähli ugurlarynda şöhlelenýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny okanyňda, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň ähmiýetli mazmuny has giňden açylýar. Şonuň üçin hem türkmen medeniýeti diýlende, Pyragynyň döredijilik dünýäsi öňüňde açylýar hem milli medeniýetimiziň gymmatlygyna öwrülýär. Umuman, halkymyzyň ylmy we medeniýeti Magtymguly Pyragynyň şahsyýeti bilen berk baglanyşyklydyr. Sebäbi milli medeniýetiň, ylmyň gözbaşlaryny, onuň dowamyny şahyryň döredijiliginde görmek bolýar.
Medeniýetiň ýörelgeleri adamzat medeniýeti diýlen düşünjäni kemala getirýär. Adamyň düşünjesine, bilimine we özüni alyp barşyna seredilip, onuň medeniýetliligi hakynda netije çykarylýar. Milli medeniýet bilen medeniýetlilik aýry-aýry düşünjeler bolsa-da, adamzat medeniýetinde halkyň özleşdiren gymmatly ýörelgeleriniň belli bir düzümi saklanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda medeniýet maddy we ruhy medeniýet diýen topara bölünýär. Adamyň ruhy medeniýeti onuň döredijilige düşünişinden, sözüň manysyny teswirlemek we netije çykarmak mümkinçiliginden kemala gelýär. Ýokary medeniýetli şahsyýet hökmünde Pyragy öz goşgularynda ylym almak, okamak, söze dogry düşünmek barada anyk pikirleri beýan edýär. Magtymguly Pyragy «Ogul – Azadym» atly aýdyşyk goşgusynda atasyndan ylym-bilim almak höwesini gaýtarmazlygyny haýyş edýär. Ylym-bilimini artdyrmak üçin uly ylym merkezlerine, güýçli alym-ulamalaryň huzuryna barmak şahyr üçin gymmatly zerurlyk bolup, şol hem goşga dartgynlylyk häsiýetini berýär. Şol şygyrda şahyr: