Ýurdumyz daşary syýasat işinde dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berýär. Dünýäde ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýan ýurdumyz halkara gatnaşyklary ulgamynda ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlaryň çözülmeginde diňe syýasy-diplomatik gurallaryň ulanylmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär. Türkmen diplomatiýasynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, sebit hem-de halkara gatnaşyklarynda özara düşünişmek we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary dünýä derejesinde uly ähmiýete eýedir.
Muňa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum – 2024» XV halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy hem aýdyň subutnamadyr.