Islendik ýurduň geljegini ýaşlar kesgitleýär. Şoňa görä-de, döwletleriň aglabasynda ýaşlary terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek işlerine möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa, ilkinji nobatda, geljekde durnukly jemgyýeti kemala getirmekde ýaşlara aýgytlaýjy ornuň degişlidigi bilen baglanyşyklydyr. Ýaşlaryň başarnygyny, kuwwatyny milletiň, adamzadyň bähbidi, dünýäniň parahatçylygy üçin peýdalanmak esasy wezipeleriň biridir. Ýaşlaryň mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilen syýasatyň islendik ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga ýardam berýändigini bolsa dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi doly subut edýär. Şonuň üçin ata Watanymyzyň buýsançly ösüşlerini, özgerişlerini mundan beýläk-de dowam etdirmek üçin geljegimiz bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri döwrüň zerur meseleleriniň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň uzak taryhyň dowamynda toplan we kämilleşdirlen terbiýeçilik, bilim bermek tejribesine, ylmyň gazananlaryna daýanylyp, türkmen ýaşlarynyň ylym, ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle hem ata Watanymyzyň ygtybarly daýanjy hem guwanjy bolan ýaşlaryň edep-terbiýe, döwrebap bilim almagyna aýratyn üns berip, ösen bilim ulgamyny halkyň eşretli durmuşda ýaşamagynyň çeşmesi hasaplaýar we ýaşlaryň bilim almagy, ylym öwrenmegi hem-de döredijilik hyjuwlaryny durmuşa geçirmegi üçin ähli şertleri döredýär.
Adamzat jemgyýetiniň islendik döwürlerindäki ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar, olaryň bilimi, ylmy we gujur-gaýraty bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin ýaşlarymyzyň zehininiň ata Watanymyzyň ykdysady ösüşine, abadançylygyna gönükdirilmegi durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin hem ilki bilen ýaşlaryň bilim almaga, ylym öwrenmäge bolan ukyp-başarnygyna we yhlasyna aýratyn üns bermeli. Häzir ýaşlaryň pikir-garaýyşlary, jemgyýetçilik aňy özgerýär. Hormatly Prezidentimiz ylym-bilime, sporta, medeniýete uly sarpa goýýar. Ýaşlarymyzyň köpüsi halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Diňe türgenler däl, talyplar, okuwçylar hem halkara ders, internet bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp, ýokary netije görkezýärler.