1-nji iýunda dünýäniň dürli döwletlerinde bolşy ýaly, ýurdumyzda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Bu sene dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esas goýujy maksatlaryna, ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyklarynyň sanawyna girizildi.
Ýurdumyzda ýaş raýatlar üçin has oňaýly şertleri üpjün etmek baradaky meselelere jogapkärli çemeleşilýär. Biziň ýurdumyz dünýäniň 190 döwletiniň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyny tassyklap, çagalaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine we olaryň bähbitleriniň goralmagyna degişli borçnamalary berjaý edýär.