Bio­teh­no­lo­gi­ýa bo­ýun­ça tä­ze mak­sat­na­ma

17 Maý 2024
207

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 10-njy maý­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len no­bat­da­ky mej­li­sin­de «Türk­me­nis­tan­da bio­teh­no­lo­gi­ýa­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­me­giň 2024 – 2028-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny tas­syk­la­mak ha­kyn­da» Ka­ra­ra gol çek­me­gi bio­teh­no­lo­gi­ýa­nyň kö­me­gi bi­len ýur­du­myz­da ösen bio­se­na­ga­ty eme­le ge­tir­me­giň yl­my esas­la­ry­ny iş­läp düz­mek­de mö­hüm ädi­me öw­rül­di. Tä­ze Mak­sat­na­ma we ony ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­riň Me­ýil­na­ma­sy de­giş­li mi­nistr­lik­ler hem-de pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry bi­len bi­le­lik­de Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Teh­no­lo­gi­ýa­lar mer­ke­zi ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. Tä­ze ka­bul edi­len mak­sat­na­ma bi­len bi­le­lik­de, bio­teh­no­lo­gi­ýa­nyň kö­me­gi bi­len ýur­du­myz­da ösen bio­se­na­ga­ty eme­le ge­tir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.

Yl­myň we bi­li­miň çalt dep­gin­ler­de ös­me­gi bi­len dün­ýä­de «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýe­tiň mö­hüm ugur­la­ry: eko-, na­no-, bio- we mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry giň ge­ri­me eýe bol­ýar. Bio­teh­no­lo­gi­ýa, kä­bir teh­no­lo­gi­ki me­se­le­le­ri çöz­mek üçin jan­ly or­ga­nizm­le­ri ýa-da me­ta­bo­lik önüm­le­ri­ni ulan­mak müm­kin­çi­li­gi­ni öw­ren­ýän ylym­dyr. Bio­teh­no­lo­gi­ýa­nyň kö­me­gi bi­len ada­myň kä­bir ze­rur­lyk­la­ry ka­na­gat­lan­dy­ryl­ýar, my­sal üçin: der­man se­riş­de­le­ri iş­le­nip dü­zül­ýär, ösüm­lik­le­riň we haý­wan­la­ryň tä­ze gör­nüş­le­ri dö­re­dil­ýär, azyk önüm­le­ri­niň hi­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ýar.

Beýleki habarlar