Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumy açylýar

17 Maý 2024
290

Ýur­du­myz­da «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Gün­do­ga­ryň akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy bel­le­nil­ýär. Bu şan­ly se­nä­niň di­ňe bir ýur­du­myz­da däl, eý­sem, hal­ka­ra de­re­je­sin­de giň­den bel­le­nil­ýän­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek. Mu­nuň özi akyl­dar şa­hy­ryň pä­him-paý­ha­sa ýug­ru­lan goş­gu­la­ry­nyň dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň aý­ryl­maz bir bö­le­gi­di­gi­ni, dün­ýä halk­la­ry­nyň akyl­da­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ne uly hor­mat goý­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň gol­ýaz­ma­lar top­lu­my BMG-niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň (ÝU­NES­KO) «Dün­ýä­niň ha­ky­da­sy» mak­sat­na­ma­sy­nyň hal­ka­ra sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. Mun­dan baş­ga-da, şa­hy­ryň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy 2024-2025-nji ýyl­lar­da ÝU­NES­KO bi­len bi­le­lik­de bel­le­ni­lip ge­çil­jek şan­ly se­ne­le­riň sa­na­wy­na go­şul­dy. Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy (TÜRK­SOÝ) ta­ra­pyn­dan 2024-nji ýyl «Tür­ki dün­ýä­si­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­di.

Beýleki habarlar