Döwletliligiň hem asudalygyň nyşanlary

16 Maý 2024
173

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr. Ol ýokary hukuk güýjüne eýe bolmak bilen, kanunçylygyň kepili, raýatlaryň hukuklarynyň we erkinliginiň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň güwäsi hökmünde çykyş edýär. Başymyzyň täjine we gözlerimiziň görejine deňelýän ýaşyl Baýdagymyzyň bu gün asuda asmanymyzyň parahat goýnunda asudalygyň hem-de baky bagtyýarlygyň nyşany bolup, erkana parlamagy ildeşlerimizi uly üstünliklere ruhlandyrýar.

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde bellenilmeginde çuňňur many bar. Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyny yglan edeninden soň, “Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Konstitusiýamyzyň kabul edilmegine we Döwlet baýdagymyzyň döredilmegine 32 ýyl dolýar.

Muhammet POLADOW,
Dänew etrabynyň 21-nji orta mekdebiniň mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar