Ýurdumyzda ýerleri ulanyşa bermek işi «Ýer hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna esaslanýar. Bu Bitewi kanun ýerleri dolandyrmagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady esaslaryny kesgitleýär we olary rejeli peýdalanmaga, goramaga hem-de daşky gurşawy abat saklamaga, şeýle-de gowulandyrmaga, ýerde hojalyk işlerini alyp barmagyň dürli görnüşlerini ulanmaga, ýer gatnaşyklaryny düzgünleşdirmäge gönükdirilendir. Milli kanunçylyga laýyklykda, ýer bölekleri eýeçilige, peýdalanmaga ýa-da kärendesine berlip bilner. Ýer böleklerinden peýdalanmagyň görnüşleri barada «Ýer hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 17-nji maddasynda jikme-jik beýan edilýär.