Ýangyndan ägä boluň!

16 Maý 2024
325

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň rowaçlanýandygyny her günde, her ädimde görýäris. Halkyň gazananlaryny ýangyndan goramak döwrüň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Şu wajyp wezipeden ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri öz maslahatlary bilen raýatlarymyza ýüzlenip, şulary ýatladýar.

 Söwda kärhanalarynyň ýangyn howpsuzlygy boýunça jogapkär işgärleri ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen ähli çäreleriň öz wagtynda amala aşyrylmalydyr. Ýerzeminlerde, jaýlarda partlaýan jisimler, gazly ballonlar, ýanýan suwuklyklar, durmuş himiýasynyň harytlary, aerozol gaply harytlar, şeýle-de olardan edilen önümleri saklamak gadagandyr.

Begençmyrat MÄMMETNUROW,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň bölüm müdiri, içerki gullugyň podpolkownigi.
Beýleki habarlar