Iň gowy haly gurnagy

16 Maý 2024
649

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, mekdepden daşary bilim edaralarynda hereket edýän haly gurnaklarynyň arasynda yglan edilen «Iň gowy haly gurnagy» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigi Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşigi bilelikde guradylar.

Bäsleşikde okuwçy gyzlar şertleriň 3-si boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň 1-nji şertinde oňa gatnaşyjylar öz okaýan mekdebinde, mekdepden daşary bilim edarasynda hereket edýän haly gurnagyny şahyrana dilde tanyşdyrdylar hem-de terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlaryň, aýdymlaryň, rowaýatlaryň üsti bilen şahsy ukyplaryny beýan etdiler.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar