Sagdyn durmuş — bagtly ýaşaýyş

16 Maý 2024
443

Ýurdumyzda temmäkä garşy göreşmek boýunça geçirilýän çäreleriň çäklerinde ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirleriniň öňüni almak, sagdyn durmuş we ahlak ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen wagyz-nesihat çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle çäreleriň biri Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler jaýynda geçirildi. Oňa okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Miwe Agyşowa, welaýat narkologiýa hassahanasynyň lukmany Jennet Garaýewa, welaýat Polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň işgäri Tawus Ýagmyrowa, saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Jennet Hallyýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň şäher geňeşiniň hünärmeni Şirin Haýtjanowa dagy çykyş edip, Berkarar  döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaramaz endiklere garşy göreşmek babatda öňüni alyş çäreleriniň geçirilýändigini nygtadylar. Magtymguly Pyragynyň zyýanly endikleri ýazgaryp ýazan goşgularyndan mysallar getirilip, ýaşlaryň bu zyýanly endiklerden daşda durmagy ündeldi. Ýaş nesilleriň sagdyn ruhly, berk bedenli kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda döredýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Gülüstan ANNAÝEWA,
Daşoguzyň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar