Kitap — durmuşyň aýnasy

16 Maý 2024
351

Ahal welaýat kitaphanasynda okyjy ýaşlaryň gatnaşmagynda “Kitap — durmuşyň aýnasy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Kitaphananyň neşirleri saklamak bölümi tarapyndan guralan söhbetdeşlik Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlandy.

Ýörite guralan baýramçylyk kitap sergisi söhbetdeşlige gatnaşanlarda ýakymly duýgulary döretdi. Welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Täzegül Myradalyýewa ýaşlara sergini bezeýän ajaýyp kitaplar barada gürrüň berdi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň galamyna degişli gymmatly eserler hakda aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

Ogulmiwe BAÝRAMOWA,
Ahal welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar