Konstitusion özgertmeler — döwrüň talaby

16 Maý 2024
356

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň kanunçylyk binýady dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşymyzy düýpli özgertmek, ýurdumyzyň mizemez hukuk binýadyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň, ilkinji nobatda, ileri tutulýan meseleleriniň hatarynda durýar.

Milli kanunçylygyň dünýä ülňülerine laýyk kämilleşdirilmegi üçin giň mümkinçilikler döredildi. Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda goralmagy üçin kämil kanuny esaslaryň döredilendigini bellemek buýsandyryjydyr.

Şamyrat AKMÄMMEDOW,
TDP-niň Gyzylarbat etrap komitetiniň başlygy, Balkan welaýat halk maslahatynyň agzasy.
Beýleki habarlar