Türkmen döwletliliginiň goşa ganaty

16 Maý 2024
348

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy halkymyzyň döwletliliginiň, ýurt asudalygynyň we rowaçlygynyň nyşanydyr. Ol Watanymyzyň, topragymyzyň ezizligini, mähribanlygyny, elmydama goraglylygyny alamatlandyrýar. Baýdak — ýurduň özbaşdaklygynyň, erkinliginiň, halkyň bitewüliginiň nyşany, döwletiň taryhy geçmişini özüne siňdiren mukaddeslikdir. Konstitusiýa — döwletliligiň binýady, halk häkimiýetliliginiň, halkyň erk-isleginiň mizemezliginiň kepilidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe abadan we bagtyýar ýaşaýşyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan bu mukaddeslikleriň astynda jebisleşen halkymyz agzybirlikde döredijilikli zähmet çekýär. Esasy Kanunymyzyň kämilligi, belentde parlaýan Döwlet baýdagymyza goýulýan aýratyn hormat-sarpa Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda halkymyzyň hemişe rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsidir.

Maral AMANOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar