Duşuşyk geçirildi

16 Maý 2024
287

Ýakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň we welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Golumyzda Baş Kanun, depämizde ýaşyl tug, röwşen geljege dowam, ýolumyza saçýar nur» atly maslahat geçirildi. Oňa S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň Türk­me­na­bat ag­ro­se­na­gat or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň mugallymlary we talyplary gatnaşdy.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän duşuşyklaryň, maslahatlaryň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de kanunçylygyna degişli kitaplaryň sergisi guraldy.

Çemengül HUDAÝBERENOWA,
Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar