Ajaýyp kitaby okap...

15 Maý 2024
267

Belent ynama ygrarly ýaşlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gözel Diýarymyzyň her güni şanly wakalara, zähmet üstünliklerine beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň halkyna sowgat beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten belent sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenilýär. Bilşimiz ýaly, bu kitap Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanyp, 2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahata we sergä gatnaşyjylara uly sowgat boldy.

Beýleki habarlar