Guramaçylykly aladalar

15 Maý 2024
369

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly ösüşlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygy pudagyny ösdürmäge gönükdirilen Maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, azyk bolçulygyny döretmekde uly üstünlikler gazanylýar. Şeýle bähbitli işlerde etrabymyzyň maldarlarydyr ekerançylarynyň saldamly goşantlary bar.

Etrabymyzda oba hojalyk işleri utgaşykly alnyp barylýar. Beýle diýmegimiziň özüne ýetik sebäbi bar. Mysal üçin, dowardarlarymyz owlak-guzy möwsümini üstünlikli tamamladylar. Şu günler bolsa, pileçilerimiz üçin jogapkärli döwür dowam edýär. Pagtaçydyr gallaçy kärendeçilerimiziňem iş-aladalary ýetik. Gallaçylarymyz ak ekine idegi günsaýyn güýçlendirseler, ýaz ekişiniň irki geçirilen ýerlerinde hatarara bejergi işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Bu işde tehnikalardan netijeli peýdalanylýar.

Beýleki habarlar