Şadyýan möwsümiň öň ýanynda

15 Maý 2024
340

Ýene bir okuw ýylyny üstünlikler bilen jemleýän welaýatymyzyň mekdep okuwçylary üçin iň hezil döwürleriň biri — tomusky dynç alyş möwsümi barha ýakynlaşýar. Bu möwsümiň dowamynda olar ýurdumyzyň gözel künjeklerindäki dynç alyş merkezlerinde wagtyny hoş geçirerler.

Elbetde, çagalaryň göwnejaý dynç almaklary üçin ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralary tarapyndan hem zerur işler durmuşa geçirilýär. Şu aýyň ilkinji gününden welaýatymyzda orta mekdeplerde wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirmek işine giň gerim berildi.

Soltan BAÝRAMOW,
welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany.
Beýleki habarlar