«Gözdaňdy» oýny

15 Maý 2024
362

Çagalaryň arasynda iň meşhur bolan oýunlaryň biri-de «Gözdaňdy» oýnudyr. Munda oýny alyp barýan öňbaşçy oýunçylaryň içinden öz islegi boýunça eşekçini tapýar. Oýun 5-10 ýa-da ondan hem köpräk adam bolup oýnalýar. Oýunçy näçe köp bolsa, oýun şonça-da gyzykly geçýär.

Oýun şeýle tertipde oýnalýar. Eşekçiniň gözüni ýaglyk bilen daňmaly. Onsoň ony tegelek çyzygyň ortasynda durzup, döwçüler hem çyzygyň daş-töwereginde islän ýerlerinde durýarlar. Döwçülerden biri «başlaýarys» diýip yşarat edenden soň, eşekçini duran ýerinde aýlap, duruzýarlar. Döwçüler ikiden-üçden çyzygyň içine girip, eşekçä el degirýärler. Eşekçi hem olary tutjak bolýar.

Aýlar ÝUSUPOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwletmugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar