Gözel tebigaty goralyň!

11 Maý 2024
320

Tebigatda özüňi dogry alyp barmagyň düzgünlerini pugta berjaý etmek her bir adam üçin adaty endige öwrülmelidir. Howpsuzlyk kadalaryny ýerine ýetirmek ählimiziň borjumyzdyr. Şulardan ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy şulary ýatladýar:

Tokaýda, seýilgählerde, daglarda, öri-sähra meýdanlarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda jogapkär ýolbaşçylar tarapyndan ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň gaýragoýulmasyz çäreleri barada gözükdiriji gürrüňdeşlikler geçirilmeli. Berkidilen çäklerde düzgünleri beýan ediji diwarlyklar, ilkinji ýangyn söndüriş enjamlary bilen üpjün edilen ýangyn germewleri oturdylmalydyr. Ösüp gelýän baglaryň aralaryndaky guran haşal otlary arassalap, hatar hem zolak aralarynda sürüm işleri geçirilmelidir. Ýangyn howpsuzlyk zolagy döredilmelidir. Uly agaçlaryň şahalarynyň howa arkaly geçirilen elektrik geçirijiler bilen galtaşýan ýerlerinde ýangyn howpy döremez ýaly, olaryň şahalary kesilip aýrylmalydyr. Çäklerde işledilýän tehnikalaryň tüsse çykarýan abzallary uçgun söndüriş enjamy bilen üpjün edilip, tehniki ýagdaýynyň guratlygy hemişe gözegçilikde saklanylmalydyr.

Ýazmuhammet AKMEDOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar