Beýik Ýeňiş — doganlyk halklaryň synmaz ruhy jebisligi

10 Maý 2024
335

Ýeňiş baýramy biziň hemmämiz üçin aýratyn gymmatlydyr. Çünki Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gazanmak üçin ähli doganlyk halklar synmaz ruhy jebisligiň nusgasyny görkezdiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy aýratyn bellärliklidir.

8-nji maýda döwlet Baştutanymyz bu dabaralara hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimizi Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynyň «Wnukowo — 2» Halkara howa menzilinde resmi adamlar mähirli garşyladylar.

«Nesil».
Beýleki habarlar