Döwran içinde

10 Maý 2024
400

Halkymyz Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny uludan toýlaýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl ýurdumyzda şahyryň watançylyk, gahrymançylyk, agzybirlik taglymatlaryny, döredijiliginiň nesilleri terbiýelemekdäki ähmiýetini giňden wagyz etmäge gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu işler akyldar şahyrymyzyň watanperwerlige çagyrýan gymmatly eserlerini äleme ýaýmakda wajyp ähmiýete eýe bolýar.

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, berkarar Watanymyzyň şan-şöhratynyň Arşa göterilýändigine şaýat bolmak baky bagtyýarlykdan alamatdyr. Ösüşli döwürde berkarar Watanymyzda bolup geçýän taryhy ähmiýetli özgertmeler watançylyk ruhumyzy belende göterip, tutanýerli zähmete, beýik işlere goşant goşmaga hyjuwymyzy artdyrýar.

Mähri MYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar