Ýol abat — il abat

10 Maý 2024
423

Ýollarymyzyň asudalygyny we herekete gatnaşýanlaryň howpsuzlygyny gazanmak maksady bilen sürüjiler bilen yzygiderli duşuşyklary geçirýäris. Olara, esasan hem, howanyň gyzýan şertlerinde ulaglaryň guratlygyna gözegçiligi güýçlendirmeklerini tabşyrýarys. Bölümçämiziň gözegçileri tarapyndan herekete gatnaşýan ulaglaryň ýangyn söndüriji we beýleki zerur serişdeler bilen üpjünçiligine, ulaglaryň tekerleriniň talabalaýyklygyna aýratyn gözegçilik edilýär. Şeýle-de etrabyň köçelerinde ýol belgileriniň we ýol yşyklarynyň ýerleşdirilişini, sürüjileriň olary berjaý etmeklerini gözegçilikde saklaýarys. Ilat arasynda ýygy-ýygydan bolup, ýokary tizlikli hereketiň döredip biläýjek ýaramaz täsirlerini düşündirmek boýunça hem yzygiderli iş alyp barýarys.

Merdan PALTAÝEW,
Çärjew etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň gözegçisi, polisiýanyň kapitany.
Beýleki habarlar