Baýramçylyga bagyşlandy

10 Maý 2024
769

1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinde aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada halypa mugallymlar Myrat Halbaýew, Resul Reýimbaýew, Gurbannepes Goşjanow dagy çykyş edip, Watan üçin öz janyny orta goýup söweşen merdana gerçeklerimiziň bu günki gün nesillerimiz tarapyndan sarpalanýandygy barada söhbet etdiler.

Dabaranyň dowamynda söweş meýdanlaryndaky wakalary, parahat durmuşymyzy, pederlerimiziň edermenlik mekdebini giňden beýan edýän aýdymlar belentden ýaňlandy.

Şirin ALLABAÝEWA,
Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, TDP-niň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar