Edebiýat agşamy geçirildi

10 Maý 2024
672

Babadaýhan etrabynyň Medeniýet öýünde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli edebiýat agşamy geçirildi. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet bölüminiň hem-de etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçen edebiýat agşymyna ýaşlar, şol sanda ýaş kitaphana okyjylary işjeň gatnaşdylar.

Edebiýat agşamynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik akyldaryň hormatyna geçirilýän çäreleriň ähmiýeti, şahyryň edebi mirasyny öwrenmek we dünýä ýaýmak ugrunda alnyp barylýan işler barada gürrüň edildi, Pyragynyň şygyrlary labyzly okaldy, onuň goşgularyna düzülen aýdym-sazlar ýerine ýetirildi.

Leýli BEGENJOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar