UEFA Ýewropa Konferensiýa Ligasynyň ýarym finalynyň 1-nji duşuşyklarynda 11 gol derwezä girizildi. Çempionlygyň faworitlerinden «Aston Willa» öz meýdançasynda «Olimpiakosdan» garaşylmadyk ýagdaýda 4–2 hasabynda ýeňildi. Grek toparynyň gollarynyň 3-sini Aýub El-Kaabi (16, 29, 56 p), beýleki goluny-da 67-nji minutda Hazze öz adyna ýazdyrdy. «Aston Willadan» Watkins hem-de Diabiniň gollary ýeňşe ýetmedi. Oýnuň 83-nji minutynda iňlis klubunyň braziliýaly oýunçysy Duglas Luiz penaltini dürs urup bilmedi.
Şeýle-de, «Fiorentina» çekeleşikli geçen oýunda «Klub Brýuggeni» 3–2 hasabynda ýeňmegi başardy (Sottil 5, Belotti 37, Nzola 90+1 — Wanaken 17 p, Tiago 63). Belgiýada oýnalan jogap duşuşygynda-da «Fiorentina» «Klub Brýugge» bilen 1–1 (Wanakan 20 — Beltran 85 p) deňme-deň oýnap, bassyr 2-nji gezek Konferensiýa Ligasynda finala çykdy. Final duşuşygy 29-njy maýda Gresiýanyň paýtagty Afinyda oýnalar.