Futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary Ligasynda 12-nji tapgyrda sanawyň lideri «Arkadag» topary myhmançylykda «Nebitçini» 1-nji ýarymda geçiren gollary esasynda 4–0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşykda Altymyrat Annadurdyýew het-trik edip (3, 9, 26), beýleki goly-da Şamämmet Hydyrow (12) öz adyna ýazdyrdy. «Ahal» myhmançylykda «Şagadamy» Akmämmet Metdäýewiň 56-njy hem-de Gurban Annaýewiň 88-nji minutlardaky gollary bilen 2–0 hasabynda ýeňdi. «Merw» bilen «Aşgabat» toparlarynyň arasyndaky duşuşykda-da maryly futbolçylar iň kiçi hasap bilen ýeňiş gazandy. 7 futbolçynyň sary kart alan oýnunda «Merwe» ýeňiş getiren ýeke-täk goly 37-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Söhbet Allanurow derwezä girizdi. «Energetik» bilen «Köpetdagyň» arasyndaky oýunda bolsa hasap açylmady.
13-nji tapgyrda «Arkadag» topary myhmançylykda «Ahal» toparyny 4–0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda sanawyň liderine ýeňiş getiren gollary Altymyrat Annadurdyýew (5, 37), Didar Durdyýew (53, p) hem-de Begenç Akmämmedow (73) geçirdi. «Altyn asyr» topary hem myhmançylykda uly hasap bilen ýeňiş gazanyp, aragatnaşykçylar Balkanabatda «Nebitçiniň» derwezesinden jogapsyz 5 gol girizdiler. Gollaryň 2-sini Rahman Myratberdiýew (8, 70), 2-sini Arslan Saparow (32, 51) hem-de Wahyt Orazsähedow (69) öz atlaryna ýazdyrdylar. «Köpetdag» topary öz meýdançasynda «Merwi» Batyr Täçnazarowyň hem-de Süleýman Mirzoýewiň gollary esasynda 2–0 hasap bilen utdy. «Aşgabat» – «Şagadam» duşuşygynda paýtagtyň adybir topary Şatlyk Gurbanowyň 39-njy minutdaky ýeke-täk goly bilen ýeňiş gazanmagy başardy.