Uzak wagt iş­le­me­giň ne­ti­je­si

10 Maý 2024
397

Bi­ler­men­le­riň ge­çi­ren bar­lag­la­ry­na gö­rä, dynç al­maz­dan we ara­kes­me et­mez­den uzak wagt­lap iş­le­me­giň dep­res­si­ýa hem-de do­wam­ly ke­sel­le­re se­bäp bol­ýan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Bi­ler­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, uzak wagt­lap iş­le­me­giň zy­ýan­ly ta­ra­py gi­je­si­ne hem zäh­met çek­mek bi­len bag­ly bo­lup, bu ýag­daý «ýet­gin­jek­lik döw­rü­niň me­ýil­na­ma­sy­na» ga­bat gel­ýär. Or­ta ýaş­ly­lar­da köp duş gel­ýän goş­ma­ça iş­ler wag­tyň geç­me­gi bi­len dart­gyn­ly ýag­daý­la­ra we sag­lygyň peselmegine se­bäp bol­ýar.

ABŞ-da ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da 30 ýy­lyň do­wa­myn­da 7 müň­den gow­rak iş­çi­niň gün ter­ti­bi göz­den ge­çi­ril­di. Bar­la­ga gat­na­şan­la­ryň dör­dü­sin­den di­ňe bi­ri­niň gün­diz iş­le­ýän­di­gi we gi­je­si­ne dynç al­ýan­dy­gy anyk­lan­dy. Sy­na­ga gat­na­şy­jy­la­ryň dört­den üç bö­le­gi 22-50 ýaş ara­ly­gyn­da bo­lup, gi­je­si­ne hem iş­le­ýän­dik­le­ri­ni bel­le­ýär­ler. Ge­çi­ri­len söh­bet­deş­lik­ler­de iş­çi­ler gün­diz­ki iş ter­ti­bin­den soň gi­je­si­ne hem zäh­met çe­ken­dik­le­ri­ni aý­dyp, 50 ýa­şa ýe­ten­lerinde sag­lyk bi­len bag­ly ýaramaz ýag­daý­la­ra duçar bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Bar­la­ga gat­na­şy­jy­lar: «Uzak wagt­lap iş­le­mek sag­ly­gy­ňy pe­seld­ýär we ada­my gurpdan düşürýär» di­ýip, dy­nuw­syz zäh­met çek­me­giň go­wy en­dik däl­di­gi­ni aýt­dy­lar.

Beýleki habarlar