Wladimir Putiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti hökmünde kasam kabul edişlik dabarasy 7-nji maýda Kremlde geçirildi. Şeýlelikde, Putin resmi taýdan alty ýyllyk möhlet bilen bu wezipä girişdi.
Hormat garawulynyň baýdak göterijileri Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baýdagyny, Prezidentiň ştandartyny, Russiýanyň Konstitusiýasyny, Prezidentiň nyşanyny Kremliň uly zalyna getirdiler. Putin kasam kabul edenden soň, oňa Prezident häkimiýetiniň nyşanlary, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň gerbiniň şekili bolan Georgiýew hajy gowşuryldy.