Dubaýdaky beýikligi 828 metr bolan Burj-Halifa gökdiräni dünýäniň iň beýik binasy hasaplanýar, ýöne ol ýaşaýyş binasy däl-de, täjirçilik maksatly desgadyr. Gökdiräniň uly bölegini iri kompaniýalaryň edaralary eýeleýär. Häzirki wagtda özüniň ägirt uly taslamalary bilen tanalýan bu şäherde dünýäniň iň beýik ýaşaýyş-durmuş maksatly gökdiränini gurmakda hem öňdeligi eýelemek kararyna gelindi.
Şeýlelikde, şäheriň merkezine we «Palm Jumeýra» emeli adasyna ýakyn ýerde, abraýly Marina sebitinde täze 122 gatly «Six Senses Residences Dubai Marina» toplumynyň gurluşygyna badalga berildi. Gökdiräniň beýikligi 517 metre deň bolup, bu häzirki iň beýik ýaşaýyş gökdiräni bolan Nýu-Ýorkdaky 472 metrlik «Central Park Tower» binasyndan 45 metr beýik bolar.