5-nji maýda Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň Ýewropa ýurtlaryna 5 günlük sapary başlady. Ol Fransiýa, Serbiýa we Wengriýa döwlet saparlaryny amala aşyrdy. 6-njy maýda Hytaýyň Başlygy Fransiýanyň paýtagtyndaky Ýeliseý köşgünde guralan «Hytaý – Fransiýa-Ýewropa Bileleşigi» atly üçtaraplaýyn maslahatda Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron hem-de Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen gepleşik geçirdi.
Bu maslahatda Hytaýyň lideri Hytaý bilen Ýewropa Bileleşiginiň üstünlikli dowam etdirilýän hyzmatdaşlyga ygrarly bolmalydygyny aýtdy. Şeýle hem ol öz ýurdunyň Ýewropa sebitine möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny belledi.