Iň ys­sy ap­rel aýy

10 Maý 2024
242

Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň kli­ma­ty öw­re­niş gul­lu­gy (C3S) Ýer ýü­zün­de iň ys­sy ap­rel aýy­nyň ha­sa­ba al­nan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Şeý­le hem soň­ky 11 aýyň äh­li­sin­de aý­ra­tyn­lyk­da ys­sy re­kor­dy­nyň tä­ze­le­nen­di­gi mä­lim edil­di. Şeý­le­lik­de, ge­çen ýy­lyň iýu­nyn­dan bä­ri her aý ozal­ky ýyl­lar­da­ky şol aý­dan has ys­sy bo­lup­dyr.

Soň­ky ýyl­lar­da ho­wa bi­len bir ha­tar­da de­ňiz ýü­zün­dä­ki su­wuň tem­pe­ra­tu­ra­sy hem ýo­kar­lan­ýar. Ga­zy­lyp alyn­ýan ener­gi­ýa çeş­me­le­ri ho­wa­nyň gyz­ma­gy­nyň esa­sy se­bä­bi hök­mün­de gör­ke­zil­ýär. Şeý­le-de bol­sa, bi­ler­men­ler Ýu­waş um­ma­ny­nyň gün­do­ga­ryn­da su­wuň gyz­ma­gy­na se­bäp bo­lan «El Ni­no» ýy­ly ho­wa aky­my­nyň hem ho­wa­ny gyz­dyr­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.

Beýleki habarlar