Hin­dis­tan­da ka­gyz pu­luň ula­ny­ly­şy azal­dy

10 Maý 2024
277

Dün­ýä­niň iň köp ilat­ly ýur­dy bo­lan Hin­dis­tan­da elekt­ron tö­leg ul­ga­myn­dan has köp peý­da­la­ny­lyp baş­lan­dy. Bi­ler­men­ler elekt­ron tö­le­giň ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti üçin hem bähbitlidigini bel­le­ýär­ler. Dün­ýä­de yk­dy­sa­dy taý­dan bä­şin­ji ýer­de dur­ýan Hin­dis­tan­da Bir­le­şen tö­leg in­ter­feý­si (UPI) at­ly tö­leg ul­ga­my 2016-njy ýyl­da ula­ny­lyp baş­lan­dy. Bu tö­leg ul­ga­my 15 ýyl ozal ta­nyş­dy­ry­lyp, şol wagt ýurt­da tö­le­giň 96 gö­te­ri­mi nagt görnüşde ama­la aşy­ryl­ýar­dy. Bu ul­gam ra­ýat­la­ra el te­le­fon­la­ry­ny karz pe­te­gi hök­mün­de ulan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ula­ny­jy­lar goş­ma­ça tu­tum bol­maz­dan, 600 tö­we­re­gi bank­dan öz ha­sap­la­ry­na pul ge­çi­rip bil­ýär­ler.

Tö­leg ul­ga­my işe gi­ri­zi­len­den soň­ra 500 we 1000 ru­piýalyk bank­not­lar do­la­ny­şyk­dan aý­ryl­dy. Şol wagt nagt pu­luň 86 gö­te­ri­mi­ni bu 2 bank­not eme­le ge­tir­ýär­di. Soň­ra bol­sa, 2 müň ru­pi­ýalyk pul­lar do­la­ny­şy­ga goý­be­ri­lip­di. Em­ma ge­çen ýy­lyň maý aýyn­da bu pul­lar hem do­la­ny­şyk­dan aý­ryl­dy. Bu bol­sa ýurt­da nagt pu­la bo­lan ze­rur­ly­gyň gör­ne­tin aza­lan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

Beýleki habarlar