«Güneşli hem rahat günleň hakyna...»

10 Maý 2024
356

Bize etmeli işleri we ýagşylyklary ýöriteläp öwretseler, etmesiz zatlardyr ýamanlyklar bilen durmuş we hakyda sataşdyrýar. Olary görmän-duýman, gizläp-ýaşyryp bolanok, her halatda ýagşy-ýamanyň parhyny we serhedini özüň seljermeli.

Süýji ömri goramak, amanady abat saklamak üçin agyryly sanjymlary we agzymyzy ajadýan dermanlary kabul edişimiz ýaly, indi dolanyp sataşmazlyk üçin, durmuşyň iň agyr synaglaryny, iň ýowuz sapaklaryny ýatlamaly, öwrenmeli bolýarys. Dünýäniň bir böleginde «Ikinji jahan urşy», beýlekisinde «Beýik Watançylyk urşy» diýlip atlandyrylýan ýigriminji asyryň iň eýmenç wakasy hem ynsanyň Ýer ýüzünde ýaşap ýörse ýatlamaly we berk sapak edinmeli wakasy.

Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Şamyrat AMADOW.
Beýleki habarlar