Akyldar şahyry sarpalap

10 Maý 2024
407

Bu günki gün Magtymguly Pyragynyň döredijiligini töwerekleýin öwrenmäge hem-de onuň çuň mazmunly şygyrlaryny halkara jemgyýetçilige ýaýmaga döwlet tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär. Şahyryň belent joşguna, çuň ylhama ýugrulan goşgularynyň agramly bölegi ynsanlaryň ahlak terbiýesine, ylymly-bilimli bolmagyna bagyşlanypdyr. Şoňa görä-de, akyldaryň döredijiligi her bir ata-ene, mugallymdyr terbiýeçi üçin gymmatly edep hazynasydyr. Onuň döredijiligi bilen daşary ýurt alymlary-da ir döwürlerden bäri gyzyklanyp gelýär.

Magtymgulynyň eserlerini içgin öwrenen Arminiý Wamberi Günbataryň hem Gündogaryň medeniýetine belet alym, Merkezi Aziýa halklarynyň durmuşyny öz gözi bilen gören syýahatçy hökmünde şahyryň şygyrlarynyň dünýä edebiýatynda uly ornunyň bardygyny nygtaýar. «Ruslary Puşkinsiz, Tolstoýsyz göz öňüne getirmek mümkin bolmaýşy ýaly, türkmenlerem Magtymgulusyz göz öňüne getirmek kyndyr. Ol türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň iň ýokary derejede ýüze çykmasydyr» diýip, rus ýazyjysy Ýuriý Surowsew belleýär. Akyldaryň döredijiligi barada bu aýdylanlar onuň edebi mirasynyň gymmatyny has-da artdyrýar. Bular barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň sergi binasynda «Sarpasyndan Arkadagly Serdaryň, dünýä dolýar şany Magtymgulynyň» atly maslahatda-da aýdylyp geçildi. Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew şahyryň «Türkmeniň» atly goşgusyny onuň öz keşbinde okady. Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky Halkara baýragyň eýesi Gözel Şagulyýewanyň Pyragynyň şygyr bossany barada giňişleýin söhbedi hem-de okap beren goşgulary maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. A.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artistleriniň çykyşlary-da täsirli boldy. Olar dünýä edebiýatynyň ýazyjylarynyň kitap barada aýdan sözlerini keşpler arkaly ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Şahyrlaryň, alymlaryň çykyşlaryndan başga-da, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dutarçylar topary çykyş etdi. Kitap sergisi maslahatyň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Şahyryň dürli dillerde çap edilen goşgulary okaldy.

Laçyn NURMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji.
Beýleki habarlar